Mazmuna geçiň

Atlantik okean

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Atlantik umman. Atlantik umman ululygy we çuñlugy boýunça Ýuwaş ummandan soñ ikinji orunda durýar. Edil Ýuwaş umman ýaly Atlantik umman hem Demirgazyk ýarym şaryñ polýar giñişliklerden Antarktida çenli uzap gidýär, ýagny onuñ demirgazykdan günorta uzap giden aralygy Ýuwaş ummanyñkydan kem däldir, emma giñligi boýunça ondan ep-esli yza galýar. Atlantik ummanyñ bu umumy aýratynlyklary onuñ fiziki geografiýasyna düşünmekde möhüm ähmiýete eýedir. Atlantik umman gadymy siwilizasiýalaryñ wekilleriñ gabat gilişen ilkinji ummanydyr. Ol Beýik geografiki açyşlar zamanynyñ ilki başlarynda deñizde ýüzüjiler tarapyndan ýüzülip geçilen ilkinji ummandyr. XIX asyryñ ortalarynda ilkinji gezek grçirilip başlanan yzygider çuñ suwly ölçegler hut Atlantik ummanda alnyp baryldy. Soñra XX asyryñ 20-nji ýyllarynda umman ilkinji ekolot ölçegleriniñ özboluşly poligonyna öwrüldi. Şol ölçegleriñ maglumatlaryna esaslanyp suwasty Orta Atlantik gerşiñ mysalynda orta umman gerişleri baradaky taglymat döredi. Atlantik ummanyñ günbatar we gündogar kenarlarynyñ göze örtülip duran gabat gelişmegi XX asyryñ 20-nji ýyllarynda nemes alymy A.Wegenere materikleriñ biri-birinden daşlaşýandygy baradaky mobilistik çaklamany esaslandyrmaga itergi berdi. Ummanlaryñ gidrologiýasyny we gidrobiologiýasyny öwrenmegiñ başlangyçlary hem Atlantik ummanda başlandy diýilse hem ýalñyş bolmaz. Düýbüniñ relýefiniñ we geologiki gurluşynyñ esasy aýratynlyklary. Atlantik ummanyñ düýbüniñ gurluşynda materikleriñ suwasty gyra-çetleri, orta umman gerşi, okeanyñ düýbi (ložasy) we geçiş zonasy gatnaşýar. Geçiş zonasy bu ummanda üç sany oblast görnüşinde ýüze çykýar: Karib oblasty, Skotiýa deñzi we Ortaýer deñiz oblasty. Materikleriñ suwasty gyra-çetleri. Materik ýalpaklygy (şelf) Atlantik ummanyñ düýbüniñ umumy meýdanynyñ 91,66mln.km2 10,3% tutýar. Ummanyñ demirgazyk-günbatarynda Grenlandiýanyñ, Labrador ýarym adasynyñ, Täze Şotlandiýanyñ, Neýn aýlagynyñ şelfi buzluk relýefiniñ galyndy (relikt) görnüşleriniñ giñ ýaýranlygy bilen häsiýetlenýär. Bu sebitlerde şelfiñ ýer üstüniñ gurluşynyñ häsiýetli aýratynlyklarynyñ biri-de çuñ suwly çöketlikleriñ bolmagydyr. Olar platformanyñ aşak çöken we döwülmeler bilen çäklendirilen bölekleridir. Şelfiñ daşky gyra-çetlerinde umman düýbüniñ ýokary göterilen ýerleri hem bardyr. Olara bankalar diýilýär (Jorjes, Nýu-Faundlend, Gamilton bankalary). Olar mezozoý ýaşly monoklimal ýatan jynslardan düzülen äpet kuestlerdir. Nýu-Faundlend bankasyndan gündogarda ondan çuñ (1000m gowrak) pesenlik arkaly bölünip arkaly bölünip aýrylan suwasty Flemiş-Kap belentligi ýerlaşýär. Burawlaýyş işleri geçirilende bu ýerde proterozoý jynslarynyñ üstüniñ açylmagy ol belentligi Demirgazyk Amerika materiginiñ suwasty gyra-çetleriniñ bir bölegi diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Üstünden ahyrky buzlanmanyñ araçägi geçýän Keýp-Kod ýarym adasyndan günortada şelfiñ ýer üsti suw basan derýa dereleri tarapyndan kesimlenen tolkunsow düzlükdir. Floridanyñ gündogar kenarlarynyñ golaýynda iri däneli çökündilerden düzülen suwasty Bleýk platosy ýerleşýär. 300 m-den 1000 m çenli ýetýän çuñluklarda şeýle iri däneli çökündileriñ ýaýran bolmagy Golfstrim akymynyñ deñiz düýbüne güýçli täsir etmeginiñ netijesidir diýlip hasap edilýär. Bleýk platosynda giçirilen burawlaýyş işleri onuñ geologiki gurluşynyñ kenarýaka düzlügiñ, kenarýaka ýalpaklygyñ we şelfiñ geologiki gurluşy bilen meñzeşligini görkezipdirler. Materik ýapgytlygy 100-200 m çuñlukdan başlanýar. Ol ep-esli derejä ýetýän eññitligi we köp sanly suwasty kanýonlar bilen kesimlenenligi bilen häsiýetlenýär. Suwasty kanýonlaryñ arasynda iñ ulusy Gudzon derýasynyñ suwasty derejesiniñ dowamy hökmünde uzap gidýän kanýondyr. Bleýk platosyna çenli aralykda materik etegi kenarýaka zonadan we şelfiñ üstünden köp mukdarda çökündi materiallary alyp gaýdýan bulançak akymlaryñ getirip çökdüren çökündilerinden duran giñ ýapgyt düzlük görnüşindedir. Struktur taýdan materik etegi çökündiler bilen doldurylan çuñ epilme görnüşinde bolup, onuñ çäklerinde çökündi toplanmak iñ bärkisi ýura döwründen bäri dowam edip gelýär. Bleýk platosynyñ erñeginiñ düýbinde materik eteginiñ çuñ (5500m çenli) çöketlik görnüşinde bolmagy gyzyklydyr. Görnüşi ýaly, ol çökündiler bilen doldurylmadyk epilmedir. Materik eteginiñ gurluşynda okean düýbindäki abyssal akymlar tarapyndan döredilen iri suwasty akkumulýatiw relýef görnüşleri hem gatnaşýarlar. Floridadan günorta-gündogarda materigiñ suwasty gyra-çetlerine biri-birinden we Florida şelfinden çuñ bogazlar arkaly bölünip aýrylan Bagam adalarynyñ hem-de bankalarynyñ toparlary hem degişlidir. Bankalar merjen we oolit hek daşlaryndan düzülendirler. Olaryñ üstünde bolsa merjen gurluşyklary we oolit karbonat çägeleriniñ meýdanlary bardyr. Meksika aýlagynyñ şelfiniñ giñligi we onuñ daşky erñeginiñ çuñlugy birnäçe gezek gaýtalanda üýtgeşmeleri başdan geçiripdir. Şelfden materik eññidine geçilişi aýdyñ däldir. Emma eññidiñ aşaky bölegi hemme ýerde diýen ýaly örän kert gaýa şekillidir. Meksika aýlagynyñ çuñ suwly çöketliginiñ uly bölegi materik eteginiñ ýapgyt akkumulýatiw düzlügine degişli bolup, demirgazykda-Missisipiniñ suwasty kanýonyñ iñ giñ giden getirintgi konusynda ol has giñdir. Ýukatan ýarym adasynyñ kenarlarynda şelf giñelýär. Onuñ üsti bolsa köp sanly merjen gurluşyklary bilen örtülendir. Meksika aýlagynyñ sebitinde materigiñ suwasty gyra-çetleriniñ özboluşly aýratynlygy hek daşlaryndan düzülen şelf platformalarynyñ giñ ýaýranlygydyr. Diñe bir Floridanyñ we Ýukatanyñ häzirki şelfleri däl, eýsem bu iki ýarym adanyñ özleri hem karbonatly çökündi toplanmak bilen bagly emele gelen bu giñ şelfiñ düzüm bölekleridir. Bleýk platosyny hem öz içine alýan bu giñ giden sebitiñ çäklerinde amerikan barlagçylary tarapyndan ägirt uly aralyga uzap gidýän, köp ýerleri giçki çökündiler bilen gömülen gadymy (ýura aşak hek ýaşly) barýer rifiniñ bardygyny aýan etdiler. Günorta Amerikanyñ demirgazyk gyra-çetleri ep-esli giñlikdäki şelf bilen çäklenendir. Trinidad adasyndan gündogarrakda şelfiñ daşky araçägi 100 metrden bärki çuñluklarda ýerleşýär. Bu ýerde relýefiñ agdyklyk ediji görnüşleri merjen gurluşyklarydyr. Gwiananyñ kenarlarynda we ondan gündogarda şelf örän giñdir, terrigen çökündiler bilen örtülendir we tekizleşen üstlidir. Demirgazyk Amerikanyñ şelfiniñ ähli ýerinde, Günorta Anerikanyñ şelfiniñ hem gürrüñi edilen böleginde çetwertik döwründe ummanyñ derejesiniñ birnäçe gezek üýtgemegi bilen emele gelen gadymy kenar çyzygynyñ yzlary bardyr. Ol yzlar 25-50m, kä halatda bolsa 100-130m çuñlykda ýerleşýärler. Braziliýanyñ kenarlarynda şelf örän inlidir, onuñ daşky çetiniñ çuñlugy 70-100m geçmeýär. Üsti tekizleşendir, aýry-aýry uly bolmadyk merjen gurluşyklary bardyr. Urugwaýyñ, aýratyn-da Argentinanyñ kenarlarynda şelf çürt-kesik giñelýär, onuñ daşky çetiniñ çuñlugy 200m ýetýär. Argentinanyñ materik eññidi güýçli sozulan görnüşlidir we basgançakly gurluşy bilen häsiýetlenýär. La-Platadan günortada ol köp sanly suwasty kanýonlar tarapyndan böleklenendir. Günorta Amerikanyñ suwasty gyra-çetleriniñ bütin dowamynda materik eteginiñ giñ ýapgyt düzlügi bardyr. Onuñ üstüniñ kä ýerlerinde aýry-aýry wulkaniki gerişler we daglar bardyr. Olaryñ köpüsi giñişleýin uzaýan, materik eteginiñ çäklerinden daşarda hem dowam edýän döwülmeler bilen baglanşyklydyr. Günorta Amerikanyñ suwsaty gyra-çetleriniñ aýratyn bir elementi pahna görnüşinde gündogara uzap gidýän Folklend suwasty platosydyr. Ol megerem şelfiñ aşak çöken bölegidir. Bu ýerde relýefiñ denudasion görnüşleri agdyklyk edýär. Demirgazyk tarapdan plato etegi 6000m çenli çuñluklarda ýerleşýän kert basgançak bilen çäklendirilendir. Ýewropanyñ suwasty gyra-çetleri Demirgazyk Amerikanyñkydan gurluşy boýunça düýpli tapawutlanýar. Şpisbergen adalarynyñ ugry boýunça we ondan günorta tarap açyk ýüze çykýan materik eññidi uzap gidýär we ony Norweg hem-de Barens deñizleriniñ arasyndaky araçäk diýip hasaplamak bolar. Skandinawiýanyñ suwasty gyra-çetleri onçakly giñ bolmadyk norweg şelfinden we ondan kert basgançak arkaly bölünip aýrylan Woring suwasty platosyndan ybaratdyr. Şelfiñ kenara golaý bölegi tekizleşendir. Bu sebitiñ günortasynda çuñ Norweg çöketligi ýerleşýär.Britan adalarynyñ töwereginde we olar bilen materigiñ aralygynda giñ şelf ýerleşýär.Demirgazyk gerşiñ çäklerinde şelfiñ relýefi ýasy belentlikleriñ we ýaýbañ çöketlikeriñ gezekleşip ýerleşýänligi bilen häsiýetlenýär. Şelfiñ kenara golaý böleginde uzyn we belent (20-30m) çäge ulgamlary ýaýrap, olar daşgyn akymlarynyñ işi bilen baglanşyklydyr. Irland deñziniñ we La-Manş bogazynyñ düýbünüñ gurluşynda hem daşgyn akymlarynyñ güýçli täsiriniñ yzlary bildirýär. La-Manş bogazynyñ orta böleginde Demirgazyk deñizden başlanyp gaýdýan iri suwasty deräniñ uzap gidýändigi gyzyklydyr. Britan adalaryndan,Fransiýadan we Pireneý ýarym adasyndan günbatarda Ýewropanyñ şelfli hemde umman suwasty gyra çetleri gury ýeriñ esasy tektoniki strukturalary bilen struktur-geologiki taýdan baglanşyklydyr. Britan adalaryndan günbatarda şelf materik eññidi bilen aýdyñ çäklendirilendir, emma adalardan Demirgazykda materik etegine we okean düýbüne geçiş örän özboluşlydyr. Ozaly bilen bu ýerde suwasty belentlik-Island-Farrer bosagasy göze ilip, ol Demirgazyk deñziñ şelfini Islandiýanyñ kenarýaka ýalpaklygy bilen baglanyşdyrýar. Ondan günorta-günbatarda suwasty gaýaly Rokkol belentligi ýerleşýär we ol iki gerişden hem-de olaryñ arasyndaky depressiýadan ybaratdyr. Depressiýanyñ çuñlygy 1000m ýetýär, gerişleriñ bolsa aýry-aýry depeleri suwuñ üstüne çykyp durýar. Rokkol belentliginiñ üstünde ummanyñ çuñlugynyñ ep-esli derejä ýetýändigine garamazdan, geofiziki maglumatlar boýunça ol ep-esli aşak çökmäge başdan geçiren materik gabygynyñ iri bölegidir. Irlandiýadan günbatarda onuñ bilen kybapdaş ýene bir uçastoga gabat gelinýär-ol Porkýupaýn bankasydyr. Bu bankanyñ üstündaky ýalpak suwly ýerlerde daşgyn akymlary tarapyndan emele getirlen ulgamlaryñ birnäçesi bardyr. Materigiñ suwasty gyra-çetleriniñ bu çykyndysynyñ ep–esli bölegi 1000m çenli çuñlyklarda ýerleşýär we dine şu çuñlykda materik eññidiniñ erñegi bildirýär. Biskaý aýlagynyñ şelfi onçakly giñ däldir we bu ýerde relýefiñ denudasion görnüşleri agdyklyk edip, materik eññidi bolsa suwasty kanýonlaryñ köp sanlysy bilen böleklenendir. Pireneý ýarym adasynyñ şelfi hem örän insizdir, bu ýerde materik eññidi we materik etegi hem çylşyrymly gurluşlydyr. Afrika materiginiñ şelfi hem onçakly giñ däldigi bilen tapawutlanýar. Onuñ iñ giñ ýerleri Sýerrra-Leone, Liberiýa we Gwineýa döwletleriniñ kenarlarynyñ ugrunda bolup, bu zolakda suw basan derýa dereleri hem-de deltalary bardyr. Ondan başga-da bu ýerde 25,35,45,55,80we 90 metrlik çuñluklarda gadymy kenar çyzyklarynyñ birnäçesini görmek bolýar. Gwineýa aýlagynyñ şelfi hem insizdir, ol diñe Niger derýasynyñ aýagyna golaýynda giñelýär. Onuñ üsti tekizdir. Kongo derýasynyñ aýagynda şelf çuñ suwasty dere bilen kesilendir. Atlantik ummanyñ Afrika sektorynyñ şelfi Iññe burnundan günortada Agulýas bankasynyñ giñ giden ýalpaklygy bilen tamamlanýar. Afrikanyñ materik eññidi hemme ýerde diýen ýaly kert basgançak görnüşlidir.Ekwatordan başlap ol suwasty kanýonlar bilen güýçli böleklenendir. Atlantik ummanyñ geçiş zonasy üç sany sebitde ýüze çykýar-Karb, Skotiýa deñzi we Ortaýer deñzi. Olaryñ hemmesi hem çylşyrymly gurluşy bilen häsiýetlenýär. Karib sebitinde dürli ýaşly adalar dugalarynyñ tutuş toplumy bardyr. Antil adalar toparynda Demirgazyk Kuba, Kaýman-Sýerra-Maestra, Ýamaýka-Günorta Gaiti, Kiçi Antil adalarynyñ dugalary tapawutlandyrylýar. Olardan başga-da Karib deñziniñ düýbünuñ relýefinde Beata we Awes suwasty gerişleri bolup olar hem adalar dugarlaryny kysymyndaky morfostrukturalara degişlidir. Bu adalar dugalary we suwasty gerişler Karib deñzini Ýukatan, Kolumbiýa, Wenesuela we Grenada çöketliklerine bölýärler. Olaryñ çuñluklary 5000m ýetýär, Wenesuella çöketliginiñki bolsa 5420m ýetýär.Çöketlikleriñ düýbünde düzlük relýef agdyklyk edýär. Karib geçiş sebitinde 3 sany çuñ suwly çöketlik bardyr. Olardan iñ çuñy Puerto-Riko bolup, onuñ çuñlugy 8385m barabardyr. Skotiýa deñziniñ geçiş sebitinde hem dürli ýaşly adalar dugalarynyñ ulgamy tapawutlandyrylýar. Olardan iñ ýaşy iñ gündogardakysy-Günorta Sandwiç adalarydyr. Duganyñ daşky tarapyndan Günorta Sandwiç çuñ suwly çöketligi ýerleşip, onuñ iñ çuñ ýeri 8428m ýetýär. Orta ýer deñziniñ geçiş sebiti özüniñ ösüşiniñ iñ giçki basgançagynda durýar.Onuñ tektoniki gurluşynyñ möhüm aýratynlygy deñziñ diñe bir kenarýakalarynyñ we materikleriñ ( Afrika, Günorta Ýewropa, Günbatar Aziýa ) suwasty gyra-çetleriniñ däl, eýsem onuñ kotlowinalarynyñ hem materik tipli ýer gabygynyñ bolmagydyr. “Glomar Çellenjer”ekspedision gämisinden geçirilen çuñ suwly burawlaýyş netijesinde Ortaýer deñziniñ düýbünde duzly gatlaklaryñ bardygy belli edildi. Bu bolsa geologiki geçmişde deñziñ umman bilen arabaglanşygyny ýitirendigine şaýatlyk edýär. Ortaýer deñziniñ zonasy seýsmiki taýdan hereketjeñligi bilen tapawutlanýar. Onda hereketli wulkanlaryñ birnäçesi bardyr. Orta Atlantiki geriş. Onuñ demirgazyk bölekleri XIX asyryñ 50-nji ýyllarynda açyldy, emma ony düýpli barlamak işleri XX asyryñ 50-60-njy ýyllarynda geçirildi. Bu geriş takmynan S harpynyñ şeklinde bolup, Atlantik ummanyñ orata böleklerinde Demirgazyk Buzly ummandan tä Antarktiki giñişliklere çenli uzap gidýär. Orta Atlantik geriş rift zonasy bolup, bu zona ýer gabygyny düzýän plitalaryñ çäk-ara zonasy hasap edilýär. Gerşiñ ugrunda ýer titremeleriniñ we suwasty wulkan atylmalarynyñ örän köp bolýanlygy anyklanyldy. Ummanyñ düýbi (ložasy). Beýleki ummanlarda hem bolşy ýaly, Atlatik ummanyñ düýbüniñ relýefi suwasty gerişleriñ, ýokary göterilmeleriñ we çöketlikleriñ utgaşýanlygy bilen häsiýetlenýär. Umman düýbündäki relýefiñ položitel görnüşlerinden demigazyk-günbatar bölekdäki Nýu-Faundlend gerşini, ondan günortarakda ýerleşen Bermud platosyny, günorta-günbatar bölekdäki Bleýk-Bagama gerşini, ekwatoryñ golaýyndaky Para bosagasyny, günorta giñişligiñ 25-350 zonasynda ýerleşen iri Riu-Grande belentligini, Orta Atlantik gerişden gündogardaky bölekde Portugaliýadan günorta-günbatarda ýerleşn wulkaniki ýokary göterilmeleriñ toparyny, Ýaşyl burun belentligini, ondan günortasynda ýerleşen Sýerra-Leow belentligini we başga-da birnäçe ýokary göterilmeleri bellemek bolar. Bu gerişler, bosagalar we ýokary göterilmeler umman çöketliklerini biri-birlerinden bölüp aýryp durýarlar. Atlantik ummandaky iri çöketliklerden şulary bellemek mümkin:

Orta gerişden günbatarda ýerleşen çöketlikler we olaryñ çuñlugy (m). Orta gerişden gündogarda ýerleşen çöketlikler we olaryñ çuñlugy (m).

Grenlandiýa 3880 Norweg 3600

Labrador 4480 G.b. Ýewropa 5668

Nýu-Faundlena 5819 Iberiýa 5100

D.g. Amerika 6594 Kanor 6501

Gwiana 4830 Ýaşyl Burun 7297

Braziliýa 6059 Sýerra-Leone 6040

Argentina 6212 Gwineýa 5212


Angola 5699


Kap 5457


Agulýas 5940


Beýleki ummanlardan tapawutlylykda Atlantik ummanyñ çöketliklerinde ep-esli meýdanalary tekiz abyssal düzlükler eýeleýärler. Onuñ beýle bolmagy ummanyñ düýbýniñ çäklerinde çökündi toplanmagyñ güýçli geçýändigi bilen düşündirilýär. Häzirki wagta çenli Atlantik ummanyñ düýbünde birnäçe onlarça ýerde çuñ burawlaýyş geçirildi. Üsti açylan iñ gadymy jynslar ýokarky ýura döwrüne degişlidirler. Umman düýbüniñ çökündileri. Atlantik ummnda ýalpak suwly akwatoriýalaryñ çökündileri esasan dürlüçe mehaniki düzümli terrigen çökündilerden, käbir sebitlerde bolsa merjenli we oolitli çökündilerden ybaratdyr. Antarktidanyñ şelfi, materik eññidini we eteginiñ käbir sebitleri aýsberg çökündileri bilen örtülendir. Islandiýanyñ şelfinde we Azor platosynda wulkanogen çökündiler ýaýrandyr. Umumylykda ýalpak suwlaryñ çökündileri ummanyñ düýbüniñ meýdanynyñ 20% golaýyny eýeleýärler. Çuñ suwlaryñ çökündileriniñ arasynda iñ giñ ýaýrany foraminiferaly gyrmançylardan. Olar umman düýbüniñ we orta gerişleriñ meýdanynyñ 65% golaýyny eýeleýärler. Atlantik umman Dünýä ummanynda foraminiferaly gyrmançalaryñ iñ demirgazyga aralaşan bölegidir. Beýle ýagdaý Demirgazyk Atlantik akymynyñ ýyladyjy täsiri bilen düşündirilýär. Çuñ suwly gyzyl toýunlar Atlantik ummanda abissalyñ meýdanynyñ 20% golaýynda ýaýrandyrlar. Olar umman çöketlikleriniñ iñ çuñ böleklerini örtýärler. Olaryñ ýaýran ýerleri bilen demirli-marganesli konkresiýalaryñ duşýan ýerleri hem baglanyşyklydyr. Klimaty we suwlary. Meridional ugur boýunça örän uzak aralykda uzap gidýänligi sebäpli Atlantik ummanda ähli klimatiki guşaklyklar doly ýüze çykýarlar. Ýuwaş ummanda hem olaryñ ýüze çykyşy bu ummandakyça ýokdyr. Atlantik ummanyñ üstünde atmosfera sirkulýasiýasy esasy bariki merkezleriñ paýlanyşy bilen kesgitlenilýär. Çet demirgazykda we günortada aşak basyşly sebitler- Islandiýa we Antarktiki minimumlar ýerleşýärler. Subtropiki giñişliklerde iki ýarym şarda hem ýokary basyşyñ durnukly sebitleri- Azor we Günorta Atlantik maksimumlar bardyr. Olaryñ arasynda bolsa aşak basyşly ekwatorial zona ýerleşýär. Bariki merkezleriñ şunuñ ýaly paýlanyşy Atlantikada agalyk ediji ýelleriñ ulgamyny kesgitleýär. Aram giñişliklerde günbatar ýelleri agalyk edýär. Demirgazyk ýarym şarda gyşyna polýar frontuñ zonasyndaky sikloniki hereket bilen baglylykda harasatlar ýygy-ýygydan gaýtalanýarlar. Günorta ýarym şarda harasatly yeller günbatar howa massalarynyñ zonasynda ýylyñ hemme pasyllarynda agalyk edýärler. Tropiki giñişliklerde antisikloniki sebitleriñ ekwatora ýakyn gyra-çetlerinde örän durnukly, emma harasat derejesine örän seýrek ýetýän passat ýelleri döreýärler. Demirgazyk ýarym şarda ýelleriñ režiminiñ durnuklylygy tomsuna tropiki frontda döreýän gazaply apy-tupanlar bilen bozulýar. Olar adatça Afrikanyñ kenarlarynda döreýärler we Karib deñziniñ sebitinde maksimal derejä ýetýärler, soñra Demirgazyk Amerikanyñ kenarýakalary boýunça hereket edip, demirgazyga gitdigiçe gowşap ýitip gidýärler. Ekwatotyñ sebitinde passatlaryñ konwergensiýasy (garyşmasy) bolup geçýär we howa akymlarynyñ güýçli ýokary göterilmesi döreýär. Bu şertlerde asmanyñ bulutlylyk derejesi örän ýokarlanýar we ummanyñ çäklerinde ygallaryñ mukdary maksimal derejä ýetýär. Atlantikada musson sirkulýasiýasy gowşak ýüze çykýar we uly ähmiýete eýe däldir. Ummanyñ suw üsti howanyñ temperaturasynyñ paýlanşyna aramlaşdyryjy täsir edýär. Howanyñ temperaturasynyñ ýyllyk amplitudalary ekwatorial giñişliklerde 10, subtropiklerde 50 çenli, 600-lyk giñişliklerde bolsa 100 ýetýär. Howanyñ temperaturasyna materikleriñ täsiri diñe ummanyñ Demirgazyk-Günbatar böleginde we çetki günorta böleginde ýüze çykýar we ol ýerlerde ýyllyk amplitude 250 ýetýär. Iñ sowuk aý Demirgazyk ýarym şarda fewral aýy. Iñ ýyly aý bolsa Demirgazyk ýarym şarda awgust, Günorta ýarym şarda hem fewral aýydyr. Iñ aşak temperaturalar polýar ýaka raýonlarda, iki ýarym şaryñ hem 60-700 giñişliklerinde bolýar. Grenlandiýanyñ kenar ýakalarynda ýanwar aýynda temperatura -500 çenli aşaklaýar. Uedella deñziniñ kenarlarynda bolsa 1958ý. -32,30 ýetýär. Ummanyñ üstki akymlarynyñ paýlanşy ýañky agzalyp geçilen temperatura şertleri bilen belli bir derejede baglydyr. Tropiki giñişliklerde passat ýelleri Demirgazyk we Günorta passat akymlaryny emele getirýän ýyly we duzly suwlaryñ kuwwatly akymyny döredýärler. Olardan Günorta passat akymy Kabu Branku burnunyñ sebitinde iki şaha bölünýär. Şahalaryñ biri demirgazyga tarap süýşüp, Gwian akymy ady bilen Antil adalarynyñ içinden geçip Karib deñzine aralaşýar. Şahalaryñ ikinjisi Braziliýanyñ kenar ýakalary boýunça günorta tarap hereket edýär (Braziliýa akymy). Demirgazyk passat akymy hem Kiçi Antil adalarynyñ golaýynda şahalara bölünýär. Onuñ demirgazyk şahasy Uly Antil adalarynyñ ýakasy boýunça demirgazyk-günbatara Antil akymy ady bilen hereket edýär, günorta şahasy Kiçi Antil adalarynyñ arasyndaky bogazlardan geçip Karib deñzine aralaşýar. Soñra iki şaha birleşip Ýukatan bogazynyñ üsti bilen Meksika aýlagyna girýärler we onuñ suwunyñ derejesini ummanyñ ýanaşyk sebitleriniñki bilen deñeşdirende ep-esli ýokarlandyrylýarlar. Netijede, Florida bogazynda uly tizlikli (2,5 uzel, 1 uzel=sagatda 1 deñiz mili=1,852 km/sag=0,5144 m/sek) Florida akymy emele gelýär. Bu akym Antil akymy bilen goşulyşyp Golfstrim akymyna başlangyç berýär. Demirgazyk Buzly umman tarapdan Atlantik ummana 2 sany kuwwatly sowuk akym gelip aralaşýar. Olaryñ biri Gündogar Grenlandiýa akymy Grenlandiýa adasynyñ gündigar kenarlarynyñ ugry boýunça gelýär, ikinjisi Baffin deñzinden akyp çykýan we Nýu-Faundlend adasynyñ sebitinde Golfstrimi açyk ummana gysyp çykarýan Labrador akymydyr. Öñ hem bellenip geçilişi ýaly Günorta passat akymy Günorta Amerikanyñ kenarlarynyñ golaýynda Braziliýa akymyna geçýär. Bu akym La-Platanyñ sebitinde Günbatar ýelleriniñ akymynyñ bir şahasy bolan sowuk Folklend akymy bilen duşuşýar. Folklend akymy Günbatar ýelleriñ akymynyñ bir şahasydyr. Günbatar ýelleriñ akymynyñ ýere bir şahasy Bengel akymyGünorta-Günbatar Afrikanyñ kenarlary boýunça demirgazyga tarap hereket edýär we Afrikanyñ kenarýaka sebitleriniñ klimatyna mese-mälim täsir edýär. Kem-kemden günbatara tarap gyşaryp Bengel akymy Gwineýa aýlagynyñ günorta böleginde Günorta passat akymyna goşulýar. Şeýlelikde, Atlantik ummanyñ suwlarynyñ üstki sirkulýasiýasynyñ umumy shemasyny sikloniki we antisikloniki aýlawlar görnüşinde göz öñüne getirmek mümkin. Ummanyñ demirgazyk-günbatar çetinde Gündogar we Günbatar Grenlandiýa, Labrador, Demirgazyk Atlantiki hem-de Irminger akymlary tarapyndan emele getirilýän demirgazyk subpolýar sikloniki aýlaw ýerleşýär. Ondan günortarakda Golfstrim, Demirgazyk Atlantiki, Kanar we Demirgazyk passat akymlary tarapyndan emale getirilýän uly subtropiki antisiklonal aýlaw hereket edýär. Demirgazyk passat akymy Demirgazyk Ekwatorial, Gwineýa, Günorta passat we Gwian akymlary tarapyndan emele getirilýän Demirgazyk tropiki antisikloniki aýlaw ýerleşýär. Günorta ýarym şarda degişlilikde Günorta tropiki sikloniki aýlaw (Günorta passat, Bengel, Angola akymlary), günorta subtropiki antisiklonal aýlaw (Bengel, Braziliýa akymlary, Günbatar Ýelleriñ akymy), iñ günortada bolsa Günorta subantarktiki aýlaw ýerleşýär. Bu aýlawlar wagt içinde durnukly iri umman aýlawlarydyr. Soñky döwürlerde geçirilen okeanografik barlaglar netijesinde Atlantik ummanyñ akymlarynyñ ulgamynda birnäçe açyşlar edildi. Meselem, ummanyñ ekwatorial zonasynda suwasty ter akymyñ-Lomonosow akymynyñ hereket edýänligi belli edildi. Ol akym Günorta passat akymynyñ aşagy bilen ummany günbatardan gündogara kesip geçýär hem-de Gwineýa aýlagyna aralaşandan soñ ýitip gidýär. Ummanyñ günorta-gündogar böleginde ýyly Angola akymynyñ barlygy anyklanyldy. Atlantik ummanyñ suwlarynyñ temperaturasynyñ ýylyñ dowamynda üýtgeýşi onçakly uly däldir. Ekwatorial-tropiki giñişliklerde ol üýtgeşmeler 1-30, subtropiki we aram giñişliklerde 5-80, polýarýaka sebitlerde- demirgazykda 40, günortada 10 töweregidir. Iñ ýyly suwlar ekwatorial we tropiki giñişliklerdedir, meselem Gwineýa aýlagynda suwuñ temperaturasy 260 aşak düşmeýär. Umuman alanyñda, Atlantik ummanyñ günorta ýarym şardaky bölegi demirgazyk ýarym şardaka garanyñda sowukrakdyr. Demirgazyk ýarym şarda ummanyñ günbatar bölegi, Günorta ýarym şarda bolsa gündogar bölegi sowukrakdyr. Ummanda suwlaryñ duzlulygy temperaturanyñ üýtgeşmelerini laýyklykda üýtgeýär. Suwlaryñ iñ ýokary duzlulygy subtropiki guşaklykda göze ilýär (37,25‰). Onuñ beýle bolmagy temperatura şertleri bilen, şeýle hem Ortaýer deñzinden akyp çykýan suwlar bilen baglanyşyklydyr. Ekwatorial guşaklykda ygallaryñ köp ýagmagy bilen baglylykda duzlulyk çürt-kesik azalýar. Meselem, La-Plata aýlagynda ol 18-19‰ barabardyr. Buz emele gelmeklik Atlantik ummanyñ Antarktika ýanaşýan böleklerinde we Grenlandiýada, Baffin deñizlerinde bolup geçýär. Günorta Atlantikada aýsbergleriñ esasy emele gelýän sebiti Uedella deñzindäki Filnner şelf buzlygydyr. Günorta giñişliklerde 550-dan günortada ýüzüp ýören buzlar ýylyñ bütin dowamynda bardyr. Demirgazyk ýarym şarda ýüzüp ýören buzlar ummanda, esasan, Demirgazyk Buzly ummandan gelýärler. Olar aýratynda gyşyna köp bolýarlar. Aýsbergler hat-da iýul aýynda hem demirgazyk giñligiñ 400 çenli gelip ýetýärler. Bir ýylda ummana Demirgazyk ummandan 900 km3, Antarktidadan bolsa 1600 km3 buz gelip goşulýar. Organiki dünýäsiniñ aýratynlyklary. Atlantik ummanyñ organiki dünýäsi görnüş taýdan Ýuwaş ummanyñkydan garypdyr, emma onuñ Ýuwaş we Hindi ummanlaryñ organiki dünýäleri bilen köp umumy alamatlary bardyr. Atlantikanyñ suw düýbi florasy (fitobentos) esasan goñur suwotulardan, sublitoralda bolsa laminaruýa, lardan, alýariýalardan, gyzyl suwotulardan ybaratdyr. Tropiki zonada ýaşyl we gyzyl suwotular, şeýle hem goñur suwotular-sargasslaragylyk edýärler. Ummanyñ fitoplanktony 245 görnüşden durýar. Olaryñ arasynda gök-ýaşyl we diatom suwotulary agdyklyk edýär. Haýwanat dünýäsi görnüş taýdan tropiki suwlarda baýdyr, olaryñ biomassasy bolsa aram, polýarýaka we kenarýaka suwlarda artykmaçdyr. Ýuwaş umman bilen deñeşdirende Atlantikanyñ faunasynyñ birneme garyplygy duýulýar: gylyçguýryklaryñ käbir primitiw formalary, käbir gadymy balyklar, deñiz ýylanlary bu ýerde ýokdur. Deñiz liliýalarynyñ ýokary derejede leññeç şekillileriñ, deñiz guşlarynyñ faunasy hem garybrakdyr. Emma balyklaryñ käbir toparlary Atlantikada has baýdyr (meselem, treska,seld, týulenler). Ummanda bentosyñ, planktonyñ we nektonyñ paýlanşy açyk bildirýän zonal häsiýetlidir. Atlantiki suwlarda balyklardan nototeniýalar agdyklyk edýär, bentos we plankton görnüş taýdan hem biomassa babatda garypdyr. Subantarktiki guşaklykda we aram guşaklygyñ oña ýanaşýan zolagyndan biomassa maksimum derejä ýetýär, görnüşleriñ sany bolsa tropiklerdäkä garanyñda has azdyr. Zooplanktonyñ kürekaýnalylar, leññeçjikler, nektonda kitler, lastaýaklylar, balyklardan nototeniýalar agdyklyk edýärler.Tropiki guşaklykda zooplankton foraminiferalyñ we pteropodlaryñ köp sanly görnüşlerinden, radiolýariýalaryñ birnäçe görnüşlerinden, mollýuskalaryñ we balyklaryñ liçinkalaryndan ybaratdyr. Bental görnüşlerden osminoglar köpdür. Bu zonada promysel ähmiýetli balyklardan tunes, makrel, sardine, sowuk akymlaryñ sebitinde ançouslar häsiýetlidir. Tropiki we subtropiki guşaklyklarda merjenler ýaýrandyr. Uçýan balyklar, deñiz pyşdyllary, akulalar diñe şu guşaklyklar üçin häsiýetlidir. Aram guşaklyklar ýaşaýşa has baýdyr. Promysel ähmiýetli balyklardan seld, treska, pikşa, paltus, deñiz okuny uly ähmiýete eýedirler. Zooplankton üçin foraminiferaly örän häsiýetlidir. Nýu-Faundlend bankasynyñ we Norweg deñizleriniñ sebitleri planktonyñ has köplügi bilen tapawutlanýar. Atlantika ummanda 4 sany biogeografiki oblast tapawutlandyrylýar: Arktiki, Demirgazyk Atlantiki, Tropiki Atlantiki, Antarktiki. Şunlukda, Arktiki oblast özbaşdak bolman Demirgazyk Buzlu ummanyñ Arktiki biogeografiki oblastynyñ bir bölegidir. Oña Baffin deñzi , Grenlandiýa we Labradora ýanaşýan kenarýaka sebitleri degişlidir. Atlantik umman örän irki döwürlerden bäri balyk tutulýan we deñiz haýwanlarynyñ awlanylýan we tutulýan ýeridir. Baryp XI-XII asyrlarda basklar Biskaý deñzinde orta asyrlardan bäri seld köpçülikleýin tutulýar. Amerikanyñ açylan döwründen bäri Nýu-Faundlend we Jorjes bankalarynyñ sebitlerinde balyk tutmak güýçli alnyp barylýar. Garpunly topuñ oýlanylyp tapylmagy bilen Demirgazyk Atlantikada kitler XIX asyryñ ahyrlarynda gyrlyp tükedilere getirilipdir. Kitler bilen şonuñ ýaly ýagdaý XX asyryñ 50-60-njy ýyllarynda antarktiki suwlarda ýüze çykdy. Şeýle ýagdaýlaryñ ýüze çykmazlygy üçin ummanda balyk tutulyşyny we deñiz haýwanlarynyñ awlanylşyny halkara derejesinde kadalaşdyrmak zerurdyr. Soñky döwürlerde Atlantik ummandan her ýylda 20-23 mln tonna balyk we 1 mln tonna golaý kit awlanylýar. Balyklar esasan 600 metre çenli çuñluklardan tutulýar. Çuñ suwlardaky balyklaryñ tutulyşy ujypsyzdyr.


Atlantik ummanyñ deñizleri we iri aýlaglary.

N Deñziñ, aýlagyñ ady Suw üstüniñ meýdany (müñ km2) Ortaça çuñlugy (m) Iñ çuñ ýeri (m)

1 Azow deñzi 39 7 13

2 Baltika deñzi 419 50 470

3 Irland deñzi 47 43 159

4 Karib deñzi 2777 2429 7090

5 Labrador deñzi 841 1898 4316

6 Mermer deñzi 12 250 1389

7 Demirgazyk deñzi 565 87 725

8 Skotiýa deñzi 1247 3096 5870

9 Ortaýer deñzi 2505 1438 5121

Şol sanda:

10 Adriatika deñzi 144 250 1230

11 Alboran deñzi 53 585 2407

12 Balear deñzi 86 767 2132

13 Io deñzi 169 2083 5121

14 Liguriý deñzi 15 1200 2546

15 Tirren deñzi 214 1519 3830

16 Egeý deñzi 191 377 2529

17 Uedella deñzi 2910 2878 6820

18 Gara deñiz 422 1315 2210

19 Şotlandiýanyñ günbatar kenarýakasynyñ içerki deñizleri 47 64 137

1 Biskaý aýlagy 200 1510 5100

2 Bristol aýlagy 11 36 68

3 Gwineýa aýlagy 753 2579 5207

4 Meksika aýlagy 1555 1522 3822

5 Keramatly Lawrentiýa aýlagy 249 141 538